Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

RSF: Amnistiýa edilmese, täjik žurnalisti Saýfullozoda türmede ölüp biler


Hikmatullo Saýfullozoda, 2013.

Metbugat azatlygyna gözegçilik edýän Serhetsiz habarçylar (RSF) guramasy Täjigistany prezidentiň köpçülikleýin amnistiýasy arkaly azat edilmeli müňlerçe tussagyň sanawyna syýasy sebäpler esasynda alty ýyl bäri türmede oturan 70 ýaşly žurnalisti hem goşmaga çagyrýar.

Düýbi Parižde ýerleşýän guramanyň 9-njy sentýabrda çap eden beýanatynda Täjigistanda gadagan edilen Yslam Galkynyş partiýasynyň agzasy bolan Hikmatullo Saýfullozodanyň "juda agyr şertlerde saklanýandygy" we "köp saglyk problemasynyň bardygy" aýdylýar.

Beýanatda aýdylmagyna görä, iýun aýynda türme hassahanasynda ýüregine operasiýa edilen Saýfullozoda COVID-19-yň çynlakaý görnüşi ýokuşdy.

Serhetsiz habarçylar guramasynyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa bölüminiň başlygy Žanna Kaweleýeniň (Jeanne Cavelier) sözlerine görä, žurnaliste “türmede ölmek howpy abanýar”.

“Diňe syýasy sebäpler esasynda tussag edilip, ol öz jebir-sütem pidasy bolan ýerinde ýene on ýyl gözenegiň arkasynda oturmaly. Azat edilmegi onuň janyny halas edip bilerdi. Has-da beteri, ol Täjigistanda jemgyýete ýa-da häkimiýetlere wehim salmaýar” diýip, Žanna Kaweleýe aýtdy.

Gadagan edilen dini partiýanyň “Najot” gazetiniň redaktory bolan Saýfullozoda 2015-nji ýylda tussag edildi we, kazyýet Rahmonyň hökümetine garşy gozgalaň turuzmakda günäli tapansoň, 2016-njy ýylda 16 ýyl azatlykdan mahrum edildi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG