Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baýden 11-nji sentýabr hüjümlerinden soňky 'Hakyky milli bitewilik duýgusyny' yzyna getirmäge synanýar


ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden Birleşen Ştatlara 11-nji sentýabrda edilen terror hüjümleriniň 20 ýyllygynynyň bellenýän gününiň öňüsyrasynda wideoýüzlenme çap etdi.

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden Birleşen Ştatlar 11-nji sentýabrda bolup geçen terror hüjümleriniň 20 ýyllygyny bellemäge taýýarlanýan wagtynda çap eden wideosynda amerikalylary milli agzybirlik görkezmäge çagyrdy.

Baýden “Al-Kaýda” terrorçylary tarapyndan alnyp gaçylan ýolagçy uçarlarynyň Nýu-Ýorkdaky Bütindünýä söwda merkezine, Waşingtonyň daşyndaky Pentagona we Pensilwaniýa meýdançasyna gönükdirilen hem-de 3 müňe golaý adamyň ölümine sebäp bolan hüjümleriniň “merkezi sapagyny” agzybirlik diýip atlandyrdy.

Baýden 10-njy sentýabrda twitterde çap eden ýüzlenmesinde ol hüjümlerden soň “gaty seýrek bolan bir zadyň: milli bitewiligiň hakyky duýgusy” bilen bilelikde ýüze çykan "gahrymançylygyň hemme ýerde" bolandygyny belledi.

Ol agzybirligi ýurduň “iň uly güýji” diýip atlandyrdy we bu amerikalylaryň şol bir zada ynanmalydygyny aňlatmaýar, “ýöne biz birek-birege hem-de bu ýurda düýpli hormat goýmaly we ynanmaly” diýdi.

Prezidentiň bu ýüzlenmesi amerikalylaryň COVID-19 pandemiýasy, sanjym mandatlary, Owganystandan goşun çykarylmagy, ses bermek we abort hukuklary boýunça dürli taraplara bölünýän wagtynda edildi.

Prezident we ýurduň birinji hanymy Jill Baýden 2001-nji ýylda amala aşyrylan hüjümleriň 20 ýyllygyny bellemek üçin uçarlaryň heläkçilige uçran ýerleriniň üçüsine hem barar, ýöne Baýdeniň dabaralarda çykyp gürlemegine garaşylmaýar.

Ýatlatsak, ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden hökümet edaralaryna Federal derňew býorosynyň (FDB) 2001-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda ABŞ-a edilen hüjüm boýunça geçiren derňewlerine degişli gizlin dokumentleri açmak mümkinçiligine seretmegi tabşyrdy.

Baýden 3-nji sentýabrda Adalat ministrligine we beýleki guramalara maglumatlary açmak we halka ýetirmek görkezmesini berýän tabşyryga gol çekdi diýip, Ak tamyň beýanatynda aýdylýar.

Görkezme baş prokuror Merrik Garlandyň gürrüňi edilýän dokumentleri gelýän alty aýyň içinde çap etmegini nazarda tutýar.

11-nji sentýabrdaky terror hüjüminde pida bolanlaryň maşgala agzalary ozal Federal derňew býurosynyň özlerini ýalňyşdyryp biljekdigini ýa-da birnäçe desga gönükdirilen uçarlary alyp gaçan garakçylaryň Saud Arabystany bilen ilteşigini görkezýän subutnamalary ýok edip biljekdigini aýdypdylar.

Wepat bolanlaryň garyndaşlary Adalat departamentiniň baş inspektoryna ýazan hatlarynda bir ýa-da birnäçe FDB işgäriniň "aýan edilmeginiň öňüni almak üçin, subutnamalary ýok etmek ýa-da gizlemek maksady bilen, bilkastdan bikanun hereket etmek ähtimallygyny" duýdurdylar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG