Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezident Ahal merkeziniň gurluşygyny güýçlendirmegiň aýratyn möhümdigini aýdýar


Täze şäheriň gurluşyk taslamasy. TDH-nyň suraty.

Türkmen paýtagtynda şu aý Döwlet münberiniň toplumy bilen bilelikde dört sany bina ulanylmaga berler diýip, hökümetiň 8 aýdaky işlerine bagyşlanan mejlisde habar berildi.

Garaşsyz neşirlerde çykan maglumatlara görä, gürrüňi edilýän Döwlet münberi toplumynyň bahasy millionlarça dollara durýar. Emma şu aýda ulanmaga beriljek beýleki binalaryň, şol sanda A.Nyýazow şaýoly bilen Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň demirgazyk-günbatar tarapynda açyljak döwrebap seýilgähiň, ýerasty geçelgeleriň, Tähran köçesiniň ugrunda açyljak Söwda we dynç alyş, işewürlik merkezleriniň, ulanmaga beriljek ýaşaýyş jaýlarynyň bahasy aýdylmaýar.

Mejlisde berlen maglumata görä, şu ýylyň 6-njy sentýabryndaky ýagdaýa görä, ýurtda iri önümçilik we durmuş maksatly binalaryň 50-den gowragy ulanylmaga berildi.

Ýatlatsak, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow mundan öň birnäçe gezek ulanylmaga berlen desgalaryň işinden we netijeliliginden nägilelik bildiripdi we dünýäde emele gelen ykdysady ýagdaýlar bilen baglylykda, kabul edilen taslamalara gaýtadan seretmegi tabşyrdy. Ýöne ol täze hasabaty diňläp, geljek ýyl ýurtda gurluşyk işleriniň möçberiniň düýpli artjakdygyny belledi.

Şeýle-de prezident Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkezinde meýilleşdirilen desgalaryň gurluşyk depginini güýçlendirmegiň “aýratyn-da möhümdigini” nygtady.

Ahalda guruljak täze merkeziň düýbi 2019-njy ýylyň aprelinde tutuldy. Şonda täze şäheriň 70 müňden gowrak hojalyga niýetlenýändigi aýdyldy.

Synçylar ýurduň ilatynyň düýpden başga-başga reallyklarda ýaşaýandygyny, bir tarapda köşkleriň, kaşaň myhmanhanalaryň we söwda merkezleriniň toplanýandygyny, beýleki tarapda batgaly ýollaryň, bejerişe mätäç hassahanalaryň köpelýändigini aýdýarlar.

Iň soňky teswirler

XS
SM
MD
LG