Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen DIM-niň başlygy 8 aýda müňden gowrak duşuşyk gurnandygyny aýdýar


Türkmenistanyň hökümet başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Reşit Meredow
Türkmenistanyň hökümet başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Reşit Meredow

Türkmenistanyň hökümet başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Reşit Meredow ýylyň sekiz aýynyň netijelerine bagyşlanan mejlisde çykyş edip, hasabat döwründe sanly ulgam arkaly 1 müň 173 duşuşygyň guralandygyny, halkara resminamalarynyň bolsa 109-syna gol çekilendigini aýtdy.

Azatlyk radiosynyň çeşmeleri biraz öň R.Meredowyň 20-nji awgustdan soň işde görünmändigini we COVID-19 bilen näsaglap, hassahana ýerleşdirilendigini habar berdiler.

Emma türkmen DIM-niň resmisi ministriň iş ýerindedigini aýdyp, bu maglumaty inkär etdi.

Meredow 8-nji sentýabrda Owganystan boýunça daşary işler ministrleri derejesinde gurnalan duşuşyklara hem gatnaşmady. Ýöne Azatlygyň çeşmeleri onuň keselden saplanýandygyny, ýagdaýynyň kadalydygyny aýdypdylar.

Gurbanguly Berdimuhamedow orunbasarynyň hasabatyny diňläp, Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geçirilýän syýasy maslahatlaşmalary dowam etdirmegiň wajypdygyny belledi we hökümet mejlisini bazar ykdysadyýetine geçmegiň ähmiýetini nygtamak bilen jemledi.

“Bütin dünýä şu usulda işleýär we ykdysadyýetimizi bazar şertlerine näçe tiz geçirsek, mähriban halkymyz şonça-da çalt gowy durmuşda ýaşar” diýip, prezident “pudaklar üçin ýaş, sowatly, gujur-gaýratly, häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda işläp we ýolbaşçylyk edip biljek başarnykly adamlary saýlap almagy” tabşyrdy.

R.Meredow Saparmyrat Nyýazowyň hökümet başlygy bolan döwründen bäri ýokary wezipede iň uzak saklanan az sanly resmileriň biri bolup durýar.

XS
SM
MD
LG