Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

ABŞ 11-nji sentýabr terror hüjümleriniň pidalaryny ýatlap, hatyra gününi belledi


Baýden we onuň aýaly Jill Baýden Nýu-Ýorkdan Pensilwaniýa ştatynyň Şankswil şäherine, soňra Pentagona baryp, üç ýerde gurnalan ýatlama çärelerine gatnaşdy. 

Birleşen Ştatlar 11-nji sentýabrda 9/11 ady bilen taryha giren wakanyň 20 ýyllygyny belläp, Owganystandaky söweş, terror hüjümlerine gaýtawul bermek üçin başlanan gapma-garşylyk gutarandan birnäçe hepde soň tutuş ýurt boýunça guralan ýatlama çärelerinde, 11-nji sentýabr hüjümlerinde wepat bolan 3000 töweregi adamyň hatyrasyny tutdy.

Heläk bolanlaryň garyndaşlary, prezident Jo Baýden we ABŞ-nyň öňki üç prezidenti ABŞ topragynda bolup geçen iň ganly terrorçylyk hereketiniň, garakçylar tarapyndan alnyp gaçylan dört uçaryň gönükdirilen görnükli ýerlerinde guralan ýatlama çärelerine gatnaşdy.

Dünýä liderleri hüjümçileriň Günbatar gymmatlyklaryny ýok edip bilmändigini aýdyp, raýdaşlyk habarlaryny iberdiler.

Wepat bolanlaryň garyndaşlary gözýaşlaryny sylyp, Nýu-Ýork şäherindäki 11-nji sentýabr ýadygärliginiň ýanyna ýygnanyp, öz ezizleriniň atlaryny daşlaryndan okanlarynda, olaryň sesleri jaýryk atdy.

Çykyş edenleriň käbiri, aradan ýigrimi ýyl geçen hem bolsa, şindem öz agyry-ynjylaryndan saplanyp bilmeýändigini gürrüň berdi.

Baýden we onuň aýaly, birinji hanym Jill Baýden Nýu-Ýorkdan Pensilwaniýa ştatynyň Şankswil şäherine, soňra bolsa Pentagona baryp, üç ýerde gurnalan ýatlama çärelerine gatnaşdy.

Baýden 11-nji sentýabryň öňüsyrasynda çap eden wideosynda edişi ýaly, Şankswil şäherine baranda hem agzybirligi nygtady. Agzybirlik "biziň abadançylygymyza hemme zatdan beter täsir etjek zat" diýip, prezident aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG