Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

FBI 11-nji sentýabr hüjümleri bilen Saud hökümetiniň baglanyşygy baradaky derňew ýazgylaryny çap etdi


FBI, Federal derňew býurosynyň derňewçileri Pentagona edilen hüjümden soň, wakanyň bolan ýerini barlaýarlar. Arhiw suraty
FBI, Federal derňew býurosynyň derňewçileri Pentagona edilen hüjümden soň, wakanyň bolan ýerini barlaýarlar. Arhiw suraty

Täzelikde gizlinlikden çykarylan ýazgylar Federal derňew býurosynyň (FBI) 2001-nji ýylyň 11-nji sentýabr terror hüjümlerinden öň bu hüjümleri amala aşyran uçar gaçakçylarynyň ABŞ-daky saudly ýoldaşlary bilen eden gatnaşyklaryny derňemekde alyp barýan işleri barada jikme-jik maglumat berýär.

Bu dokument ABŞ-daky saud konsullygynyň resmisiniň we saud aňtaw gullugynyň güman edilýän agentiniň 2001-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda uçarlary alyp gaçan adamlaryň azyndan ikisine beren maddy-tehniki goldawy diýilýäni açyp görkezýär.

11-nji sentýabr agşamy ýaýradylan dokument prezident Jo Baýdeniň geçen hepde Adalat ministrligine Federal derňew býurosynyň bu hüjümler bilen bagly geçiren derňewlerine gaýtadan seredip, gelýän alty aý içinde çap edip boljak ýazgylary seljermegi tabşyranyndan soň açylan ilkinji derňew dokumentidir.

2016-njy ýyla degişli 16 sahypalyk dokument Baýden beýleki hökümet resmileri we öňki prezidentler bilen Nýu-Ýorkda, Pensilwaniýada we Pentagonda bu hüjümiň 20 ýyllygy mynasybetli geçirilen çärelere gatnaşandan soň çap edildi.

Düýpli arassalanan dokument FDB-nyň güman edilýän saudly agente şübhelenmegine sebäp bolan birnäçe baglanyşygy we şaýat görkezmelerini özünde jemleýär.

Saud Arabystanynyň hökümeti bu hüjümlere ol ýa-da beýleki görnüşde dahylly bolandygyny köpden bäri inkär edýär we çap edilen dokumentde saud hökümetiniň bu dildüwşige gatnaşandygy barada hiç bir subutnama getirilmeýär.

XS
SM
MD
LG