Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ombudsmen aktiwistiň tussag edilmeginiň näderejede kanuny bolandygyny soraýar


Orozaýym Narmatowa, Içeri işler ministrliginde sorag edilenden soň. Bişkek. 2021-nji ýylyň 10-njy sentýabry.
Orozaýym Narmatowa, Içeri işler ministrliginde sorag edilenden soň. Bişkek. 2021-nji ýylyň 10-njy sentýabry.

Gyrgyz ombudsmeni Tokon Mamytow aktiwist Orozaýym Narmatowanyň tussag edilmeginiň näderejede kanuny bolandygy barada Içeri işler ministrliginden düşündiriş talap edýär we bu ýagdaýy derňemek haýyşy bilen baş prokurora ýüz tutjagyny aýdýar.

Adalatçy Içeri işler ministrliginiň Narmatowany ilki jynsy, etniki, milli, dini ýa-da sebitara duşmançylygy öjükdirmekde aýyplap tussag edendigini aýdyp, soňra aktiwistiň şaýat hökmünde sorag edilendigini habar bermegini sorag astyna alýar.

"Beýle bolsa, onuň tussag edilmek we Bişkek şäherine getirilmek zerurlygyna nähili düşünmeli, ol başda saklanan ýerinde sorag edilende bolmaýarmy?” diýip, Mamytow sorady.

Ombudsmeniň pikiriçe, Orozaýym Narmatowanyň alty aý içinde ejesini we doganyny ýitirendigi nazara alynsa, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleri oňa biraz adamkärçilikli çemeleşmeli.

Orozaýym Narmatowa gijäniň ýaryna golaý Facebookda sorag edilenden soň polisiýanyň özüni garyndaşlarynyňka getirendigini, irden bolsa Moskwa ugratjakdyklaryny habar berdi. Onuň sözlerine görä, olar aktiwist bilen düşündiriş söhbetdeşligini geçirip, edilen gürrüňi açmazlyk barada dilhaty alypdyrlar.

Aktiwistiň aklawçysy Seýitbek Döwlotowyň pikiriçe, Narmatowa saklananda we sorag edilende köp sanly düzgün bozmalara ýol berildi. Şeýle-de ol onuň 11-nji sentýabr güni irden Orsýete uçandygyny aýtdy.

Aktiwist Orozaýym Narmatowa Russiýada işleýär. Ýakyn garyndaşynyň jynazasy üçin Gyrgyzystana uçup gelip, soň şol ýerden yzyna, Russiýa uçjak bolan aktiwist 10-njy sentýabrda, Oş şäheriniň howa menzilinde tussag edildi we Bişkek şäherine alnyp gidildi.

Içeri işler ministrligi ilki onuň garşysyna Gyrgyzystanyň Jenaýat kodeksiniň 313-nji maddasyna ("Jynsy, etniki, milli, dini ýa-da sebitara duşmançylygy öjükdirmek") laýyklykda kazyýet işiniň açylandygyny habar berdi.

Derňew netijesine görä, "Men mamla dälmi” we "Menih hukugym bar" jemgyýetçilik hereketleriniň lideri Orozaýym Narmatowa Russiýada wagtal-wagtal ýygnak we konferensiýa geçirýär hem-de zähmet migrantlarynyň arasynda we Gyrgyzystanyň çäginde ýaşaýan raýatlaryň arasynda "protest mümkinçiligini ýokarlandyrmak üçin, ýurduň syýasy ýolbaşçylaryny esassyz tankytlaýar".

XS
SM
MD
LG