Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

WSJ: ABŞ Özbegistan bilen owgan uçarmanlaryny geçirmek ylalaşygyny gazandy


Owgan pilotlary. Arhiw suraty

"Wall Street Journal" neşiriniň habaryna görä, Baýden administrasiýasy Özbegistan bilen bir topar owgan harby uçarmanyny ABŞ harby bazasyna geçirmek barada ylalaşyk baglaşdy.

Gazetiň habaryna görä, söweşiji “Talyban” hökümeti uçarmanlaryň we enjamlaryň Kabula tabşyrylmagy üçin Özbegistana basyş edýär.

Uçarmanlar geçen aý, Birleşen Ştatlar Owganystandaky goşunlaryny çykaranda hökümet güýçlerinden üstüni çykan “Talybandan” gutulmak üçin, maşgalalaryny owgan harby uçarynda Özbegistana getirdi.

Birleşen Ştatlar uçarmanlaryň öz ýurduna gaýdyp gelen ýagdaýynda öldürilmeginden howatyr edýär.

Gazet harby uçarmanlaryň howadan uran zarbalary üçin “Talyban” tarapyndan iň ýigrenilýän adamlaryň biri hasaplanýandygyny belleýär.

Şol bir wagtda, Özbegistan söweşiji goňşusy bilen aradaky gatnaşyklary dartgynlaşdyrmak islemeýär we ABŞ-dan bu meseläni çalt çözmegini sorady.

Gazetiň habaryna görä, uçarmanlar we olaryň maşgala agzalary, jemi 585 adam, meseleleriniň çözülmegi üçin, şu hepdäniň aýagynda Kataryň Doha şäherindäki ABŞ harby bazasyna iberiler.

Soňra olara beýleki ýurtlarda hemişelik ýaşamaga iberiler. WSJ-nyň habaryna görä, olaryň näçesiniň ABŞ-a iberiljekdigi entek belli däl.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG