Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Günorta Koreýa: Demirgazyk deňze iki ballistik raketany atdy


Günorta Koreýanyň paýtagty Seulda adamlar Phenýanyň raketa synaglaryna tomaşa edýärler. 15-nji sentýabr, 2021 ý.

Günorta Koreýa Demirgazyk Koreýanyň deňze iki ballistik raketany atandygyny aýdýar. Mundan birnäçe gün öň, Phenýan uzak aralyga niýetlenen ganatly raketalaryň synagyny üstünlikli geçirendigini habar beripdi.

15-nji sentýabrda Demirgazyk Koreýa ýurduň merkezi sebitinden Koreýa ýarymadasynyň günorta kenarýakasyndaky suwlaryna tarap iki ballistik raketany atdy diýip, Günorta Koreýanyň Bilelikdäki Baş ştaby beýanat arkaly mälim etdi.

Beýanatda Günorta Koreýa we ABŞ aňtaw resmileriniň Demirgazyk Koreýanyň atan raketalarynyň jikme-jikleri boýunça seljeriş işlerini geçirýändikleri hem bellenilýär.

Mundan birnäçe gün öň, Demirgazyk Koreýanyň resmi Koreýanyň Merkezi Habar Agentligi “uzak aralyga niýetlenen ganatly raketalaryň” täze görnüşiniň synagynyň üstünlikli geçendigini habar berdi, şeýle-de olary “aýratyn ähmiýete eýe bolan strategiki ýaraglar hökmünde” häsiýetlendirdi.

Demirgazyk Koreýanyň döwletiň eýeçiligindäki habar serişdeleri 11-nji we 12-nji sentýabrdaky synaglaryň dowamynda ganatly raketalaryň 1 müň 500 km aralygy uçup şertli nyşanany urandygyny we soňy bilen ýurduň territorial suwlaryna gaçandygyny habar berdiler. Bu soňky aýlaryň dowamynda Phenýanynyň bu görnüşli bilinýän ilkinji raketa synagy boldy.

13-nji sentýabrda ABŞ harbylary Demirgazyk Koreýanyň geçen dynç günleriniň dowamynda amala aşyran raketa synaglarynyň onuň goňşy we beýleki döwletlere “howp” abandyrýandygyny duýdurdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG