Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen daşary işler ministri germaniýaly kärdeşi bilen telefon söhbetdeşligini geçirdi


Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow (arhiw suraty)
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow (arhiw suraty)

14-nji sentýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow özüniň germaniýaly kärdeşi Haýko Maas bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň maglumatyna görä, Maas raýatlarynyň Owganystandan guramaçylykly çykarylmagy maksady bilen, uçarlaryň uçuşlarynyň üpjün edilmegi meselesinde hyzmatdaşlyk saklandygy üçin german hökümetiniň adyndan Türkmenistana minnetdarlygyny bildiripdir.

Ýatlatsak, Türkmenistan COVID-19 aladalaryna salgylanyp, owgan bosgunlaryny öz serhet çäklerine kabul etmekden ýüz öwürýär.

Şeýle-de, ministrligiň beýanatda söhbetdeşligiň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we ynsanperwerlik ulgamlarynda alnyp barylýan ikitaraplaýyn özara hereketler bilen bagly pikirleriň alyşylandygy hem bellenilýär.

XS
SM
MD
LG