Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Netijeler dolandyryjy partiýanyň ýokary köplügi alandygyny görkezdi, Nawalny Kremli saýlaw ogurlygynda aýyplaýar


Ses sanaýan resmi

Türmede oturan oppozisiýa syýasatçysy Alekseý Nawalny, saýlaw bidüzgünçilikleri, sesleriň galplaşdyrylmagy barada berlen habarlaryň arasynda, dolandyryjy “Bitewi Russiýa” partiýasyny "gorkuzmak we repressiýa" çärelerini ulanyp, konstitusiýa köplügini saklamak üçin parlament saýlawlaryny ogurlamakda aýyplady.

Nawalny 21-nji sentýabrda türmeden iberen Instagram habarynda özüniň taktiki ses beriş ulgamynyň "uly üstünlik" bolandygyny, prezident Wladimir Putiniň saýlanmagyny goldaýan partiýany gowşadandygyny, ýöne netijeleriň "iň ýönekeý görnüşde gaýtadan ýasalandygyny" aýtdy.

"Kezzaplar öz ýeňişlerini has ynandyryjy etmek üçin görkezijidäki netijeleri üýtgetdiler" diýip, ol aýtdy. "Görkezijide galp netije görkezildi. Biziň synçylarymyz saýlaw uçastoklaryndan çykaryldy. Gorkuzmak we repressiýa olaryň köp arzuwyny talady, adamlar köçelere çykmakdan gorkýarlar" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Birnäçe sagat öň ses berişligiň deslapky netijeleriniň doly yglan edilmegi bilen, Kreml tarapyndan goldanýan “Bitewi Russiýa” partiýasynyň parlamentiň aşaky palatasynda konstitusiýa köplügini saklandygy belli boldy.

Günbatar tarapyndan ýazgarylan saýlaw garaşsyz gözegçilik gullugy tarapyndan rus taryhyndaky "iň hapa saýlawlaryň biri" hökmünde häsiýetlendirildi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG