Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrain prezidentiniň iň baş kömekçisini alyp barýan ulag oka tutuldy, sürüji ýaralandy 


Serhi Şefir
Serhi Şefir

Näbelli hüjümçiler Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiniň esasy kömekçisi Serhi Şefiri alyp barýan ulaga ot açyp, onuň sürüjisini ýaralady.

Polisiýa 22-nji sentýabrda, ýerli wagt bilen ir sagat 10: 00-da Kiýewiň daşyndaky Lisnyki obasynda amala aşyrylan hüjümde awtoulaga 10-dan gowrak okuň degendigini aýtdy.

Polisiýanyň beýanatynda ýaralanan sürüjiniň ýagdaýy aýdylmady. Ulagda başga ýolagçy ýok eken.

Zelenski häzirki wagtda Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisine gatnaşmak üçin ABŞ-da saparda bolýar.

XS
SM
MD
LG