Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwada migrantlara kanun kömegini berýan hukuk goraýjy aerportda saklandy


"Jahan daňy" migrant merkeziniň ýolbaşçysy Walentina Çupik

Russiýanyň howpsuzlyk güýçleri migrant hukuklaryny goraýan Walentina Çupigi Moskwanyň Şeremetýewo aeroportunda, Ermenistandan yzyna dolanyp gelýärkä tussag etdi diýip, AÝ/AR-nyň “Häzirki wagt” telekanaly 25-nji sentýabrda habar berdi.

"Jahan daňy" atly migrant merkeziniň ýolbaşçysy bolan Çupik "Nowaýa Gazeta" häkimiýetleriň öz dokumentlerini elinden alandygyny we 17-nji sentýabrdan bäri bosgun statusyndan mahrum edilendigini habar berendigini aýtdy. Şeýle-de Çupigiň Orsýete gelmegi 30 ýyllap gadagan edildi diýip, “Nowaýa gazeta” ýazýar.

Habarda Çupigiň gynamalara sezewar bolup bilinjek ýerine, Özbegistana deportasiýa edilmek ähtimallygy baradaky aladalar arasynda, howa menzilindäki ýörite tussaghana ýerleşdirilendigi aýdylýar.

Çupik "Nowaýa Gazeta" beren interwýusynda "Men Şeremetýewo howa menzilinde, F. terminalynda, ýörite tussaghanada otyryn” diýipdir. Gazet soň onuň bilen habarlaşyp bolmandygyny, aragatnaşygyň kesilendigini habar berýär.

2005-nji ýylda gündogar Andijon şäherinde bolan hökümete garşy protestler güýç bilen basylyp ýatyrylandan soň Özbegistandan Russiýa göçen hukuk goraýjy Moskwada migrantlara mugt kanun kömegini bermek bilen meşgullanýardy.

Moskwadaky “Memorial” merkeziniň Merkezi Aziýa programmasynyň başlygy Witaliv Ponomarýew Özbegistanda doglan, ýuridiki ylymlaryň kandidaty, 48 ýaşly Çupigiň uzak wagt bäri Moskwada ýaşandygyny, onuň bosgun durumynyň bolandygyny we bosgunlyk şahadatnamasynyň möhletiniň 2022-nji ýylyň 11-nji iýunyna çenli uzaldylandygyny belleýär.

Emma oňa, hamala ýalan maglumat berendigi üçin, bosgunlyk durumynyň 17-nji sentýabrda ýatyrylandygy aýdylypdyr. Çupik muny diňe tussag edilen wagtynda bilip galypdyr.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG