Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Günbatar Russiýadan Nawalnynyň zäherlenmegi boýunça jogaplary talap edýär


Himiki ýaraglary gadagan etmek boýunça guramanyň Gaagadaky (Niderlandlar) baş edarasy (arhiw suraty)

Global himiki ýaraglar boýunça edaranyň mejlisiniň dowamynda 45 döwletden, şol sanda ABŞ-dan, Britaniýadan we Germaniýadan ybarat topar Russiýadan tussaglykdaky oppozisiýa syýasatçysy Alekseý Nawalnynyň zäherlenmegi boýunça soraglara jogap bermegini talap etdi.

5-nji oktýabrda Günbatar döwletleri Himiki ýaraglary gadagan etmek boýunça guramanyň mejlisinde Russiýa soraglaryň sanawyny gowşurdylar. Bu gurama Himiki Ýaraglar boýunça Konwensiýanyň berjaý edilişine gözegçilik edýär.

“Birleşen Ştatlar we halkara jemgyýetçiliginiň köpüsi Russiýanyň 2020-nji ýylyň 20-nji awgustynda himiki ýarag arkaly jenap Nawalnynyň janyna kast etmek synanyşygy boýunça, şeýle-de onuň Himiki ýaraglary gadagan etmek boýunça gurama bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygy barada öňden bäri açyklygy isleýär” diýip, Döwlet departamenti beýanat arkaly çykyş etdi.

“Russiýanyň zäherlenme bilen bagly ýeterlik derejede açyklygy we hyzmatdaşlygy görkezmeýändigi aýratyn alada döredýär” diýip, beýanatda nygtaldy.

Himiki Ýaraglar boýunça Konwensiýanyň şertlerine laýyklykda, Russiýa 10 günüň içinde jogap bermäge borçludyr.

Moskwa zäherlenme bilen ilteşiginiň ýokdugyny öňden bäri tekrarlap gelýär.

ABŞ we onuň Günbatar ýaranlary Nawalnyny 2020-nji ýylyň awgustynda Sibirde wagty Federal Howpsuzlyk Gullugynyň (FSB) işgärleriniň “Nowiçok” kysymly nerw agenti bilen zäherländigi baradaky netijä geldiler.

Kremliň tankytçysy Nawalny özüni rus prezidenti Wladimir Putiniň buýrugy esasynda zäherländiklerini aýdýar. Zäherlenmeden soň Nawalnynyň janyny halas etmek boýunça, oňa Germaniýada bejergi berildi.

Ol ýanwarda Russiýa dolanandan soň tussag edildi we soňy bilen 2,5 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG