Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Orsýetde COVID-19-dan ölenleriň iň ýokary derejesi hasaba alyndy


Illýustrasiýa suraty

11-nji oktýabrda Russiýada COVID-19-dan ölenleriň sany pandemiýanyň başyndan bäri iň ýokary derejede hasaba alyndy, bu ýagdaý keselçiligiň ýokary, waksinasiýanyň bolsa pes derejesiniň saklanýan wagtynda ýüze çykdy.

Ýurduň pandemiýa garşy topary geçen 24 sagatda 973 adamyň ölendigini, yzygiderli altynjy gün 900-den gowrak adamyň ýogalýandygyny we milli derejede ölenleriň sanynyň 218345 adama ýetendigini habar berdi.

Saglygy saklaýyş işgärleriniň bu wagt aralygynda öňki birnäçe gün bilen deňeşdirilende 28190 adama ýokaşandygyny tassyklandygy aýdylýar.

Köp rus lukmanlary we käbir ýokary derejeli resmiler resmi sanlaryň hakyky ýagdaýy görkezýän sanlardan diňe bir bölekdigini aýdýarlar.

Sanlar has ýokanç "Delta" görnüşiniň ýaýramagy bilen baglanyşykly bolup, bu beýleki ýurtlardaky tendensiýalara meňzeýär.

Emma Russiýanyň häkimiýetleri 146 million töweregi ilatly ýurtdaky ýagdaýyň sanjym derejesiniň pesdigi bilen baglydygyny aýdýarlar. Her üç orsýetliniň diňe biri waksina etdirýär.

Russiýanyň häkimiýetleri geçen ýyl "Sputnik V" waksinasyny dünýäde ilkinji tassyklanan koronawirus sanjymy diýip yglan etdiler.

Ýöne orsýetliler ýurtda öndürilen bäş sanjymy, şeýle-de daşary ýurt sanjymlarynyň hiç birini etdirmek islemeýärler.

Saglyk syýasatyna gözegçilik edýän premýer-ministriň orunbasary Tatýana Golikowa raýatlaryň diňe 29 göterimine doly sanjym edilendigini aýtdy.

Döwlet statistika gullugy "Rosstatyň" iň soňky koronawirus maglumatlary, 2021-nji ýylyň ilkinji sekiz aýynda 254000-den gowrak adamyň ölendigini görkezdi, bu bolsa 2020-nji ýylyň dowamynda koronawirusdan ýogalan 163000 adamdan has köp.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG