Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystanyň prezidenti Türkmenistana sapar etmegi planlaşdyrýar


Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew
Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew

Akordanyň metbugat gullugynyň habaryna görä, Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistanyň Daşary işler ministri wise-premýer Raşid Meredowy kabul etdi.

Raşid Meredow Merkezi Aziýada aragatnaşyk we ynam çäreleri boýunça geňeşiň daşary işler ministrleriniň mejlisine gatnaşmak üçin Gazagystana sapar edýär.

Kasym-Žomart Tokaýew geňeşiň 4-nji maslahatyna gatnaşýandygy üçin türkmen diplomatyna minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşykda taraplar Gazagystanyň we Türkmenistanyň syýasy, söwda we ykdysady gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň geljegi, şeýle hem sebit howpsuzlygy meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Söhbetdeşler Türkmenistanda geçiriljek 6-njy Hazar sammitine taýýarlyk barada-da pikir alyşdylar.

Raşid Meredow Tokaýewa prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistana döwlet saparyna çakylygyny gowşurdy.

Kasym-Žomart Tokaýew ýakyn wagtda Aşgabada sapar etmäge taýýardygyny tassyklady diýip, habar beriş serişdeleri Gazagystanyň prezidentiniň edarasyna salgylanyp, habar berýär.

XS
SM
MD
LG