Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Tbiliside müňlerçe adam tussag edilen öňki prezident Sakaşwilä goldaw bildirdi


Sakaşwiliniň goldawçylary

14-nji oktýabrda müňlerçe adam Gürjüstanyň paýtagtynyň merkezine ýygnanyp, ýurduň öňki prezidenti Mihail Sakaşwiliniň türmeden boşadylmagyny talap etdi. Ol şu aýyň başynda tussag edilip, Günorta Kawkaz ýurdunda uzaga çeken syýasy krizizisiň has-da çuňlaşmagyna sebäp boldy.

“Mişany boşat” diýen ýaly şygarlary gygyryp, milli baýdaklary galgadýan demonstrantlar Tbilisiniň Azatlyk meýdançasyny we esasy köçesini doldurdy.

53 ýaşly Sakaşwili sekiz ýyldan soň Gürjüstana gaýdyp gelendigini yglan edeninden 1 sagat soň tussag astyna alyndy we açlyk yglan etdi.

2018-nji ýylda gaýybana iş kesilen Sakaşwili soňky ýyllarda Ukrainada ýaşady. Sakaşwili demonstrantlara iberen ýüzlenmesinde Gürjüstana “gürji halkynyň garyplyga, korrupsiýa, adalatsyzlyga, weýrançylyga garşy göreşine goşant goşmak üçin” gaýdyp gelendigini aýtdy.

Premýer-ministr Irakli Garibaşwili demonstrasiýanyň öňüsyrasynda žurnalistlere "tussag Sakaşwiliniň ýeke-täk maksady ýurtda durnuksyzlygy we tolgunyşyklary güýçlendirmek" diýdi. Ýygnanyşyk gatnaşanlaryň Gürjüstanyň milli gimnini aýtmagy bilen, hiç bir hadysasyz tamamlandy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG