Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Britan polisiýasy kanun çykaryjynyň pyçaklanmagyny terror hereketi atlandyrdy


Deýwid Amess

Konserwatiw kanun çykaryjynyň Angliýanyň gündogarynda pyçaklanyp öldürilmegi terrorçylyk hadysasy boldy diýip, britan polisiýasy aýtdy.

Metropoliten polisiýasynyň 16-njy oktýabrdaky beýanatynda aýdylmagyna görä, başlangyç derňew bu hüjümiň “mümkin bolan sebäbiniň yslamçy ekstremizm bilen baglanyşykly bolandygyny” ýüze çykardy.

Beýanatda polisiýa derňewçileriniň hüjümçiniň ýekelikde hereket edendigine ynanýandygy aýdylýar.

Polisiýanyň we şaýatlaryň tassyklamagyna görä, 69 ýaşly Deýwid Amess 15-nji oktýabrda, Esseksdäki ybadathanada saýlawçylar bilen duşuşýan wagtynda, beýleki adamlar bilen içerik giren bir adam tarapyndan ençeme gezek pyçaklandy.

Esseks polisiýasynyň başlygy Ben-Julian Harrington Amessiň "ömrüniň diňe öz wezipesini berjaý edýän wagtynda aýylgançlyk bilen kesilendigini” aýtdy.

Polisiýa 25 ýaşly bir adamyň adam öldürmekde güman edilip tussag edilendigini we bu ýerde bir pyçagyň hem tapylandygyny habar berdi.

Maşgalaly we bäş çaganyň atasy bolan Amess 1983-nji ýyldan bäri kanun çykaryjy bolup işleýärdi we 2015-nji ýylda şa zenan Ýelizaweta II tarapyndan ser Deýwid atlandyrylyp, rytsarlyk derejesi bilen sylaglandy.

Kanun çykaryjylaryň howpsuzlygy barada dörän soraglar arasynda parlamentdäki baýdaklar ýarpy aşak goýberildi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG