Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystanda oppozisiýa ýörişini meýilleşdiren aktiwistlere basyş edilýär


Gazak aktiwistleri

Gazagystanyň günbataryyndaky Oral şäherinde 23-nji oktýabra bellenen oppozisiýa protestini gurnan aktiwistlere basyş edilýär.

Oral şäher kazyýeti 22-nji oktýabrda Amangeldi Orazbaýewi 20 gün azatlykdan mahrum etdi. Ol geçen aý rugsatsyz ýöriş gurnap, "parahat demonstrasiýalar baradaky kanuny bozmakda" günäli tapyldy.

Orazbaýew bu aýyplamany ret etdi we konstitusiýa salgylanyp, "Gazagystanyň her bir raýatynyň köpçülikleýin çäre geçirmek we pikirlerini açyk beýan etmek hukugynyň bardygyny” öňe sürdi.

Orally aktiwist Bekbolat Otebekow bolsa, Azatlyk radiosyna beren interwýusynda, ýakynda geçirilen saglyk barlagynda lukmanlaryň özüni, saglyk ýagdaýy "gaty gowy" hem bolsa, hassahana girmäge “yrjak bolandygyny” gürrüň berdi.

Başga bir hukuk aktiwisti, Orazbaýewiň egindeşi Marua Eskendirowa gözegçilik astyna alyndy. Ol Azatlyk radiosy bilen söhbetdeşlikde Oraldaky jaýynyň gapdalyna gelip duran awtoulagyň içindäki raýat eşikli erkekleriň birnäçe sagatlap bu ýere gözegçilik edendigini aýtdy.

Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bir gün öň ýurtda "bikanun köpçülikleýin ýygnanyşyk" geçirmegiň kanuny netijeleriniň boljakdygy barada aç-açan duýduryş berdi.

Ýurt boýunça geçiriljek protestler BTA bankynyň öňki başlygy, Fransiýada ýaşaýan hökümet tankytçysy Muhtar Ablýazow tarapyndan meýilleşdirilýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG