Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen delegasiýasy TOPH-y maslahat etmek üçin Kabula sapar eder


Turkmenistan. TAPI projekt.February 23, 2018
Turkmenistan. TAPI projekt.February 23, 2018

Türkmenistanyň resmileri TOPH gazgeçiriji proýektini maslahat etmek üçin şu hepde Kabula sapar ederler diýip, 27-nji oktýabrda Owganystandaky “Talybanyň” ýolbaşçylygyndaky hökümet mälim etdi. Bu barada Reuters gullugy habar berýär.

Uzynlygy 1 müň 800 km geçirijiniň üsti bilen ýylda 33 milliard m3 türkmen gazyny Owganystanyň üsti bilen Pakistana we Hindistana akdyrmak göz öňünde tutulýar.

“Biz eýýäm belli bir wagt köp işledik, häzirki pursat TOPH proýektiniň üstünde işläp başlamaga taýýardygymyzy buýsanç bilen aýdýarys” diýip, “Talyban” hökümetiniň Dag-magdanlar we nebit boýunça ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Mohammad Issa Ahund belledi.

TOPH geçirijisiniň owgan bölegi ýurduň demirgazyk-günbataryndaky Türkmenistan bilen serhedinden başlap, Herat we Kandahar şäherleriniň üsti bilen, Pakistanyň serhedine çenli uzar.

Maglumata görä, türkmen delegasiýasynyň şenbe güni başlanmaly iki günlük saparynyň öýany Ahund ýurtdaky türkmen ilçisi bilen hem duşuşypdyr.

Türkmen delegasiýanyň sapary, şeýle-de türkmen ilçisiniň Ahund bilen geçiren duşuşygy barada türkmen resmi habar serişdelerinde, şol sanda Daşary işler ministrligiň websaýtynda maglumat berilmeýär.

XS
SM
MD
LG