Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyz oppozisiýa partiýalary saýlawlaryň deslapky netijelerini ret edýärler


Gyrgyz saýlawçylary

Gyrgyzystanyň oppozisiýa partiýalary 28-nji noýabrda geçirilen parlament saýlawlarynyň deslapky netijelerini ret etdiler, şeýle-de Merkezi Saýlaw Komissiýasyny galplykda aýypladylar.

28-nji noýabrda giçlik Bişkekde geçirilen metbugat ýygnagynda “Ata-Meken” (“Ata-Mekan”), “Azattyk” (“Azatlyk”), Sosial-Demokratlar we “Uluttar Birimdigi” (“Etniki Jebislik”) oppozisiýa partiýalarynyň liderleri ses berişligiň netijelerini ýatyrmagy we täze saýlawlary geçirmegi talap etdiler.

Oppozisiýa Merkezi Saýlaw Komissiýasyny 40 minutlap sesleri görkezýän monitorda ýüze çykan näsazlygyň dowamynda “galplykda” we sesleri “ogurlamakda” aýplady.

Oppozisiýanyň beýanatyndan öň, Merkezi Saýlaw Komissiýasy özüniň websaýtynda 122 müň býulleteniň, ýagnyň ähli sesleriň 10%-niň ýatyrylandygyny mälim etdi.

Deslapky netijelere görä, saýlawlarda hökümetiň tarapynda çykyş edýän üç partiýa uly ýeňiş gazanyp, olar partiýa sanawlaryna görä geçirilen ses berişlikde bir palataly parlamentdäki ýa-da Ýokarky geňeşdäki 90 orunyň 54-ni eýeläpdirler.

“Ata-Žurt Gyrgyzystan” (“Ata-Watan Gyrgyzystan”) partiýasy sesleriň 16,6%-ni, “Işenim” (“Ynam”) partiýasy 13,3%-ni we “Yntymak” (“Deňagramlyk”) partiýasy 10,59%-ni alypdyr.

Mundan başga, ýene üç partiýa sesleriň 5% çägini geçmegi başardy. Täze esaslandyrylan “Alýans” partiýasy sesleriň 8%-ni, oppozision “Butun” (“Bütin”) partiýasy 6,6%-ni we “Ýyman Nuru” (“Ynam nury”) partiýasy 5,2%-ni aldylar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG