Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bolgariýada awtoulagynda bikanun migrantlary alyp barýan türkmenistanly saklandy


Migrantlar
Migrantlar

Bolgariýanyň Burgas şäherinde Türkmenistanda doglan we german raýatlygy bolan 26 ýaşly erkek saklandy diýip, “Turkmen.news” “Sega” neşirine salgylanyp habar berýär. Ol öz mikroawtobusynda bikanun migrantlary alyp barýan eken.

Serhet polisiýsy ony ilki Karaagaç diýen ýerde, soňra Çernomores şäherinde saklamaga synanýar, emma ol polisiýanyň saklanmak baradaky yşaratyna boýun egmän, gaçmagyny dowam etdirýär.

Ahyrynda onuň awtoulagy Burgasdaky Todor Aleksandrow bulwarynda saklandy. Awtoulgayň sürüjisi german raýatlygyny alan türkmenistanly bolup çykdy, onuň ulagyndaky on adam bolsa, Siriýanyň dokumentsiz raýatlary eken.

Habarda Burgas sebitiniň Türkiýe bilen serhetleşýändigi bellenýär.

Düzgün bozanlaryň garşysyna jenaýat işi gozgaldy, sürüji we migrantlar tussag edildi.

Bourgas.ru web sahypasy Bolgariýada aýyplanyň, 72 sagatlyk tussag edilen türkmenistanly german raýatynyň aýdyny aýtmaýar.

XS
SM
MD
LG