Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azerbaýjan oppozisiýa aktiwistiniň saklanyp, 'gazaply' ýenjilmegini derňemäge çagyrylýar


Bakuwdaky protest
Bakuwdaky protest

Adam hukuklaryny goraýan “Human Rights Watch” (HRW) guramasy Azerbaýjany şu hepdäniň başynda polisiýanyň Bakuwdaky parahat demonstrasiýany zorlukly dargatmagy we oppozisiýa syýasatçysyny, açyk hökümet tankytçysyny tussag edip, "gazaply" urup-ýençmegi boýunça "gyssagly, bitarap we düýpli" derňew geçirmäge çagyrýar.

“Azerbaýjan häkimiýetleri halkyň parahatçylykly demonstrasiýa geçirmek hukugyna ýene-de utançsyz ýigrenç görkezdiler we başgaça pikirlileri basyp ýatyrmak üçin zorluk ulandylar" diýip, düýbi Nýu-Yorkorkda ýerleşýän hukuk guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa bölüminiň müdiri Jorji Gogia 3-nji dekabrda, polisiýa Bakuwyň merkezine ýygnanan onlarça demonstranty tussag edeninden iki gün soň aýtdy.

ABŞ-nyň Bakuwdaky ilçihanasy 2-nji dekabrda twitterde demonstrantlara garşy edilýän zorluga çuňňur alada bildirdi we "Azerbaýjanyň konstitusiýasynda kepillendirilen parahatçylykly ýygnanyşygy we söz azatlygyny goldaýandygyny" aýtdy.

1-nji dekabrda geçirilen protest wagtynda tussag edilenleriň arasynda oppozisiýadaky Musawat partiýasynyň tanymal agzasy Tofik Ýakublu hem bardy. 60 ýaşyndaky syýasatçy polisiýa tussaglygynda gazaply ýenjilendigini we wideokameranyň öňünde Azerbaýjanyň ýolbaşçylaryny tankytlamagyny bes etjekdigine söz bermegiň talap edilendigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG