Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Erkin metbugata çydamsyzlyk: 2021-nji ýylda türmä basylan žurnalistleriň sany artdy


Žurnalistleri goramak baradaky komitet soňky hasabatynda metbugat azatlygyny goraýjylar üçin 2021-nji ýylyň 'aýratyn darykdyryjy' bolandygyny aýtdy.

Dünýä boýunça türmä basylan žurnalistleriň sany 2021-nji ýylda ýene bir gezek rekord derejä ýetdi. Hususan-da, şu ýyl metbugat azatlygyny goraýjylar üçin “darykdyryjy ýyl” boldy diýip, Žurnalistleri goramak baradaky komitet 9-njy dekabrda çap eden beýanatynda aýtdy.

Komitetiň täze hasabaty žurnalistik işi üçin türmä basylan žurnalistleriň sanynyň rekord derejä, 293 adama ýetendigini anyklady. 2020-nji ýylda bu san 280 adamdy. Žurnalistleri goramak baradaky komitet tapgyr alty ýyl bäri azyndan 250 zurnalistiň gözenegiň aňyrsynda galýandygyny hasaba alýar.

Galyberse-de, 2021-nji ýylyň 1-nji dekabryna çenli 19 žurnalist öz işlerinden öç alnyp öldürildi. 2020-nji ýylda 22 žurnalist öldürilipdi.

Ýene 18 žurnalist gümürtik şertlerde aradan çykdy, olaryň nyşana alnyp-alynmandyklaryny anyklap bolmady diýip, hasabat aýtdy. Bu ýyl ýene üç žurnalist çaknyşyk barýan ýerlerde habar taýýarlaýan wagty öldürildi. Ýene ikisi yzy gandöküşiklige ýazan protestler ýa-da köçe çaknyşyklary barada habar taýýarlaýan wagty öldürildi.

Hytaý soňky üç ýyl bäri dünýäde iň köp žurnalist tussag edýän ýurt bolmagynda galýar. Ol ýerde 50 adam gözenegiň aňyrsynda galýar. Birma fewralda bolan harby agdarylyşykdan soňra media serideşdelerine garşy girişilen basyp ýatyrmalardan soň, häzir dünýäde iň köp žurnalist tussag edýän ikinji ýurt boldy. Müsür, Wýetnam we Belarus ilkinji bäşlige girdi.

Galyberse-de, Žurnalistleri goramak baradaky komitetiň soňky hasabatyna görä, 2021-nji ýylyň 1-nji dekabryna çenli Türkmenistanda bir žurnalist gözenegiň aňyrsynda galdy. Ýatlasak, maý aýynda turkmen.news neşiri özüniň ýurt içindäki ştatdan daşary habarçysy Nurgeldi Halykowyň galp aýyplamalar bilen 2020-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda dört ýyl türme tussaglygyna höküm edilendigini habar berdi. Munuň yz ýany komitet Halykowyň derhal boşadylmagyna çagyryş etdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG