Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Özbegistanda bir günde 8 häkim täzelendi


21-nji dekabrda Özbegistanyň üç sebitinde sekiz etrabyň häkimleri täzelendi.

Premýer-ministriň öňki orunbasary, geçen ýylyň tomsunda koronawirusdan heläk bolan Uktam Barnoýewiň dogany Umidjon Barnoýew Buhara sebitiniň Romitan etrabynyň häkimi wezipesine bellendi.

Bu etrabyň öňki häkimi Hürşid Tahirow Buhara sebitiniň Garagul etrabyna häkim bellendi.

2020-nji ýylyň fewralynda Garagul etrabynyň häkimi wezipesine bellenen Şerali Salomow başarnyksyzlygy sebäpli işinden boşadyldy.

Jamşid Şaropow Buharanyň Şafirkan etrabynyň häkimi wezipesine bellendi. Öňki etrap häkimi Şukrullo Hakimow tankyt edilip, işden boşadyldy.

Sebit prokurorynyň orunbasary Samandar Ostonow Samarkand sebitiniň Bulungur etrabynyň häkimi wezipesine bellendi, Şerzod Kudratow bolsa Akdarýanyň häkimi wezipesine bellendi.

2017-nji ýyldan bäri Naryn etrabynyň häkimi bolup işleýän Dilmurod Kadyrow Namangan sebitiniň Kasansaý etrabyny häkimi wezipesine bellendi.

Kasansaý öňki öňki häkimi Bakhodir Ýusupow Namangan sebitiniň häkiminiň Halk kabul ediş bölüminiň başlygy wezipesine bellendi.

Naryn etrabyna ozal bu ýerde häkimiň orunbasary bolup işlän Jurabek Nurmatow häkim bellendi. Uçkurgan etrabyna ozal bu etrapda elektrik inženeri bolup işlän Jakhongir Rizzaýew häkim bellendi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG