Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Grek suwlarynda şu hepde agdarylan üçünji gämide azyndan 16 migrant öldi


Bezeg suraty
Bezeg suraty

24-nji dekabrda, migrantlary Egeý deňzinden geçirjek bolýan gaýyk agdarylanda, azyndan 16 adam öldi, bu grek suwlarynda bir hepdede bolan üçünji heläkçilikdir.

Kenar goragçylary Egeýiň merkezindäki Paros adasyndan takmynan 8 km uzaklykda bolan heläkçiliginden soň 62 adamyň halas edilendigini aýtdy. Halas edilenler kenar goragçylaryna gämide 80 töweregi adamyň bolandygyny aýtdylar.

Halas edijiler ýene diri galan adam bolsa tapjak bolup, gijesi bilen gözleg işlerini geçirdiler diýip, häkimiýetler aýtdy.

Nobatdaky gämi heläkçiligi grek suwlarynda bolan üç hadysada ölen adamlaryň sanyny 30-a ýetirýär.

23-nji dekabrda, ýelkenli gäminiň Afinlerden 200 km günortada ýerleşýän gaýaly adajyga baryp uran ýelkenli gämide 11 adamyň ölendigi tassyklandy. Kenar goragçylary birnäçe sagat soň adajykda diri galan 90 adamyň halas edilendigini aýtdylar.

Şeýle-de, Egeý deňziniň merkezindäki gözleg işleriniň üçünji gün hem dowam etdirilendigi aýdylýar. Habarlarda aýdylmagyna görä, Folegandros adasynyň golaýynda batan migrantly gämi azyndan üç adamyň ölmegine sebäp boldy.

Batan gämiden 13 adam halas edildi, diri galanlar azyndan 17 adamyň dereksiz ýitendigini aýtdylar. Häkimiýetler ýolagçylaryň aslynda Yrakdan bolandygyny aýtdylar.

Gresiýa Afrikadaky, Aziýadaky we Ýakyn Gündogardaky konfliktlerden we garyplykdan gaçýan migrantlar we bosgunlar üçin Ýewropa Bileleşigine aşmagyň esasy ýollarynyň biri bolup durýar.

BMG-niň Bosgunlar gullugynyň hasaplamalaryna görä, şu ýylyň ýanwar-noýabr aralygynda Ýewropa aşjak bolyp synanyşyk eden 2500-den gowrak adam ölüpdir ýa-da ýitirim bolupdyr.

XS
SM
MD
LG