Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus polisiýasy Nawalnynyň sebit edaralarynyň öňki utgaşdyryjylaryny saklady


Nawalny tarapdarlary Zahara Sarapulow, Kseniýa Fadeýewa we Ýegor Butakow

Rus polisiýasy tussag edilen oppozisiýa lideri Alekseý Nawalnynyň egindeşlerine garşy dowam etdirýän basyşlarynyň fonunda Nawalnynyň kampaniýa toparynyň üç sany öňki sebit utgaşdyryjysyny sorag etmek üçin saklady.

Nawalnynyň sebitlerdäki kampaniýa toparlarynyň Irkutsk boýunça baş edarasynyň başlygy Zahar Sarapulow, Tomsk boýunça Nawalny edarasynyň başlygy we ýerli ýurist Kseniýa Fadeýewa, oppozosiýa toparynyň Saratow şahamçasynyň başlygy Andreý Gorodetskiý dagylar polisiýa tarapyndan saklandy.

Olaryň üçüsine-de guramanyň işleri bilen bagly öz resmi wezipelerinden peýdalanmak ýa-da ekstremist topara gatnaşmak boýunça günä bildirilmeginiň mümkindigi habar berilýär.

Nawalnynyň Korrupsiýa garşy guramasy we syýasy hereketi iýun aýynda rus häkimiýetleri tarapyndan ekstremist gurama yglan edildi we dargadyldy.

Nawalnyň özi fewraldan bäri türmede. Ol “nowiçok” görnüşli bir nerw agenti bilen agyr zäherlenip, Germaniýada bejergi alandan soňra Russiýa dolananda tussag astyna alyndy. Nawalny zäherlemäniň rus prezidenti Wladimir Putin tarapyndan buýruk berlendigini aýdýar.

Kreml tankytçysynyň birnäçe egindeşine, hukuk goraýjylara görä, syýasy matlaply aýyplamalar bilen günä bildirilýär, bu ýagdaý olaryň köpüsini ýurdy terk etmäge iterýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG