Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Eýranyň prezidenti Raisi öňümizdäki ýylyň başlarynda Russiýa sapar eder


Eýranyň prezidenti Ebrahim Raisi. Arhiw suraty.

Eýranyň prezidenti Ebrahim Raisi rus kärdeşi Wladimir Putiniň çakylygy bilen Russiýa sapar eder diýip, eýran hökümetiniň metbugat sekretary 28-nji dekabrda aýtdy.

“Eýran bilen Russiýanyň arasyndaky strategiki gatnaşyklaryň çäginde Putin öňümizdäki ýylyň başlarynda Raisini Moskwa sapar etmäge çagyrdy diýip, Ali Bahaduri Jahromi aýtdy.

Sapar “ikitaraplaýyn, sebitleýin we milli hyzmatdaşlyga”, hususan-da “ykdysady we söwda” hyzmatdaşlygyna gönükdiriler diýip, Bahadori Jahromi aýtdy.

Mundan ozal, Eýranyň aram prezidenti Hassan Rohani 2017-nji ýylyň martynda Russiýa sapar etdi, aşa koserwatiw Raisi awgust aýynda Rohaniden soň wezipä geldi.

Kremliň web-saýtyna görä, Putin şu aýyň başynda Eýranyň prezidentine çakylyk iberdi.

Russiýa we Eýran aradaky gatnaşyklar ykjam bolup, olar Siriýada on ýyl bäri dowam edýän raýat urşunda prezident Başar al-Assadyň möhüm ýaranlary boldy.

Russiýa 2015-nji ýylda dünýä güýçleri bilen Eýranyň arasynda gazanylan ýadro ylalaşygyna gatnaşyjy bolup çykyş edýär. Bu ylalaşyga laýyklykda Tähranyň ýadro programmasyny çäklendirmeginiň öwezine oňa sanksiýa ýeňillikleri berildi.

Moskwa bu ylalaşygyň täzeden dikeldilmegi ugrunda Wenada dowam edýän gepleşiklere gatnaşýar. 2018-nji ýylda Birleşen Ştatlar ylalaşykdan çekilip, Eýrana garşy sanksiýalary täzeden güýje girizmäge başlady, bu ýagdaý Eýrany şertnamanyň käbir borçnamalaryndan el çekmäge iterdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG