Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen prezidenti GDA döwletleriniň baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşdy


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow GDA-nyň döwlet baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşýar. 28-nji dekabr, 2021 ý. Sankt-Peterburg, Russiýa.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow GDA-nyň döwlet baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşýar. 28-nji dekabr, 2021 ý. Sankt-Peterburg, Russiýa.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 28-nji dekabrda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) agza ýurtlaryň döwlet baştutanlarynyň Sankt-Peterburgda geçirilen resmi däl sammitine gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.

Duşuşyga Russiýa, Azerbaýjan, Ermenistan, Belarus, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan döwlet baştutanlary gatnaşdy.

Sammitde 2021-nji ýylyň jemleri we hyzmatdaşlygyň geljegi, şol sanda howpsuzlyk we COVID-19 pandemiýasy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Berdimuhamedow sammitde eden çykyşynda Arkalaşygyň ykdysady bähbitlerini onuň çäklerinden daşarda ilerletmegiň, goňşy ýurtlaryň we sebitleriň bilelikdäki taslamalaryna goşulmagyň wajypdygyny belledi. Munuň bilen baglylykda, türkmen prezidenti üstaşyr ulag düzümini döretmäge, energiýa serişdeleriniň iberilýän ugurlaryny giňeltmäge üns çekdi diýip, TDH habar berýär.

Şeýle-de, Berdimuhamedow sammitde eden çykyşynda öz ýurdunda hiç hili koronawirus hadysasynyň hasaba alynmandygyny ýene bir gezek gaýtalady. Ol bu ugurda Russiýa Federasiýasynda öndürilen sanjymlaryň täsirli bolandygyny aýtdy.

Ýöne Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýerli lukmanlara salgylanyp, ýurt boýunça ençeme koronawirus hadysalarynyň anyklanandygyny habar berip gelýärler.

1991-nji ýylyň dekabrynda Sowet Soýuzy resmi taýdan dargandan soňra, onuň binýadynda post-sowet ýurtlarynyň aglabasyny öz içine alýan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy döredildi.

Türkmenistan guramanyň 1993-nji ýylda kabul edilen hartiýasyny ratifikasiýa etmedi. Hartiýa Russiýany Sowet Soýuzynyň ýeke-täk kanuny yztutary hökmünde ykrar edýär. Ýöne Türkmenistan 2005-nji ýylda Arkalaşygyň assosirlenen agzasy boldy. Gürjüstan 2009-njy ýylda guramany doly terk etdi. Ukraina soňky ýedi ýyldan gowrak wagt bäri Russiýa bilen aradaky sowuk gatnaşyklaryň fonunda, 2018-nji ýylda Arkalaşygyň düzümlerine gatnaşmagy bes etdi.

XS
SM
MD
LG