Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýewropa kazyýeti Russiýadan "Memorialyň" ýatyrylmagyny togtatmagy talap etdi


Strasburg. Adam hukuklary boýunça Ýewropa kazyýetiniň binasy.
Strasburg. Adam hukuklary boýunça Ýewropa kazyýetiniň binasy.

Adam hukuklary boýunça Ýewropa kazyýeti Russiýadan “Halkara Memorialyň” we adam hukuklary baradaky Memorial merkeziniň ýatyrylmagy baradaky kazyýet kararlarynyň ýerine ýetirilmegini togtatmagy talap etdi diýip, Mediazona neşiri "Memorialyň" wekillerine salgylanyp habar berdi.

Bu guramalaryň ikisi-de Orsýetde “daşary ýurt agentleri” sanawyna girizilipdi.

Guramalaryň ýatyrylmagynyň bir sebäbi, resmi maglumata görä, daşary ýurt agentleri baradaky kanuny bozmak, ýagny materiallarda degişli bellikleriň goýulmazlygy baradaky aýyplama boldy.

Adalat ministrligi we prokurorlar “Memorialyň” daşary ýurt agentiniň wezipelerini ýerine ýetirýändigi baradaky maglumatlary yzygiderli ýaşyrandygyny tassykladylar.

Adam hukuklary baradaky Ýewropa kazyýetiniň görkezmegine görä, bu guramalaryň ýatyrylmagy meselesine diňe “Halkara Memorialyň” we adam hukuklary baradaky Memorial merkeziniň, Orsýetdäki beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň daşary ýurt agentleri baradaky rus kanunlaryndan Ýewropa kazyýetine eden şikaýatlary boýunça karar çykarylandan soň seredilip bilner.

Habarda aýdylmagyna görä, Orsýetdäki jemgyýetçilik guramalary Adam hukuklary baradaky Ýewropa kazyýetine daşary ýurt agentleri baradaky kanunyň üstünden baryp 2013-nji ýylda şikaýat etdiler.

Rus häkimiýetleriniň ýurtdaky iň baýry adam hukuklary guramasynyň ýatyrylmagy baradaky talabyna Nobel baýragynyň birnäçe eýesi, dünýä belli alymlar, ýazyjylar we sazandalar, şeýle-de ABŞ, Ýewropa Bileleşigi we Ýewropa Geňeşi garşy çykdy.

XS
SM
MD
LG