Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjik resmileri migrant lideriniň Russiýadan ekstradisiýa edilendigini tassyklaýar


Amriddin Alowatşoýew

Täjik häkimiýetleri täjigistanly migrantlaryň Orsýetdäki lideriniň Merkezi Aziýa döwletine ekstradisiýa edilendigini ilkinji gezek tassyk etdi, ol geçen aý ýitirim bolup, garyndaşlarynyň we dostlarynyň arasynda ullakan alada döredipdi.

Baş prokuror Ýusuf Rahmon 2-nji fewralda Duşenbedäki žurnalistlere Amriddin Alowatşoýewiň, täjik häkimiýetleriniň eden anyklaşdyrylmadyk jenaýat aýyplamasy esasynda, Russiýadan ekstradisiýa edilendigini aýtdy. Rahmon bu iş boýunça başga jikme-jiklikleri bermedi.

Alowatşoýewiň Täjigistanyň uzakdaky Dagly-Badahşan sebitinde ýaşaýan maşgalasy onuň bilen soňky gezek 11-nji ýanwarda habarlaşandygyny aýtdy.

Täjigistanyň käbir habar beriş serişdeleri şol wagt Alowatşoýewiň 13-nji ýanwarda Duşenbe şäherine ekstradisiýa etmek üçin Russiýada "alnyp gaçylandygyny" aýtdylar, emma täjik häkimiýetleri bu aýdylýanlary ret etdi.

Içeri işler ministrliginiň şol wagt Azatlyk radiosynyň Täjik gullugyna aýtmagyna görä, Alowatşoýewiň ady gözlenýän raýatlaryň sanawyna girizilmändir.

Alowatşoýewiň ýitirim bolmagy, aýdylmagyna görä, prokurorlaryň noýabr aýynda durnuksyz sebitde guralan we üç adamyň ölmegine, azyndan 17 adamyň ýaralanmagyna sebäp bolan dört günlük demonstrasiýa boýunça täze derňewleri başlamagynyň yz ýanyna gabat geldi.

Sebit paýtagty Horugda 25-nji noýabrda guralan demonstrasiýa howpsuzlyk güýçleri adam alyp gaçmakda aýyplanan ýerli ýaşaýjyny agyr ýaralandan soň başlandy. Protestçiler onuň ölüminiň derňelmeginitalap etdiler.

Şaýatlaryň sözlerine görä, demonstrantlaryň ýerli hökümet binasyny ele geçirmäge synanyşmagy bilen, howpsuzlyk güýçleri märekä ot açdy we başda parahatçylykly başlanan ýöriş zorluga ýazdy.

Şol gün Dagly-Badahşandan Orsýete işlemäge gelen zähmet migrantlarynyň bir topary, Horugdaky demonstrantlaryň eden talaplary ýaly talap bilen, Täjigistanyň Moskwadaky ilçihanasynyň öňünde demonstrasiýa gurady.

Alowatşoýewiň hem bu çärä gatnaşandygy aýdylýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG