Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

ABŞ Russiýanyň Ukraina hüjüm etmek üçin galp esas taýýarlaýandygyny aýdýar


Rus harbylary (illýustrasiýa suraty)

ABŞ Russiýanyň Ukraina hüjüm etmek üçin galp esasy gurnamagy planlaşdyrýandygyny görkezýän aňtaw maglumatlaryny edinendigini aýtdy. Bu barada 3-nji fewralda Döwlet departamenti mälim etdi we Birleşen Ştatlaryň habar serişdelerinde ýene bir resminiň bu baradaky sözleri getirildi.

Resmiler soňky günlerde bu baradaky gizlin aňtaw maglumatynyň Ukrainanyň resmilerine we Ýewropadaky ýaranlaryna hem ýetirilendigini bellediler.

Şahsyýeti aýdyňlaşdyrylmadyk resminiň maglumatyna görä, rus tarapy Ukraina ýa ýaran döwletleriň birine degişli serişdeleri hem çekip, hamala, bombaly hüjümiň amala aşyrylan sebitiniň wideosyny görkezmegi planlaşdyrýar.

Resmi eger-de bu wideo çap edilse, onda rus prezidenti Wladimir Putiniň muny harby operasiýa üçin bahana hökmünde ulanyp biljekdigini nygtady.

ABŞ-nyň milli howpsuzlyk boýunça maslahatçysynyň orunbasary Jonatan Finer Birleşen Ştatlaryň Russiýanyň bu ugurda hereket etjegini anyk bilmeýändigini, emma Moskwanyň muňa “amal edip boljak mümkin ädimleriň biri hökmünde garaýandygyny” hem sözüne goşdy.

Döwlet departamentiniň metbugat wekili Ned Praýs Birleşen Ştatlaryň aňtaw gulluklarynyň bu maglumaty ele geçirendigini tassyklady.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG