4-nji fewralda Pekiniň Milli stadionynda 2022-nji ýylyň Gyşky olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy geçirilýär. Munuň bilen Hytaý COVID-19 ýaýramagy, şeýle-de özüniň adam hukuklary babatyndaky ýaramaz görkezjilieri boýunça ünsi başga ýana sowmagy umyt edýär.
ABŞ, Britaniýa, Kanada, Germaniýa, Awstraliýa we beýleki döwletler Hytaýyň adam hukuk bozmalary, hususanda Sinjiang sebitinde uýgurlaryň we azlykdaky beýleki musulman toparlarynyň gysylmagy sebäpli oýunlaryň açylyş dabarasyny boýkot etdiler.
Prezident Şi Jinping oýunlaryň açlyş dabarasynda 20 töweregi dünýä liderini, şol sanda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy we rus prezidenti Wladimir Putini hem garşylar.
Putin Ukrain serhedine goşunlaryny ýerleşdirmegi sebäpli Günbatar bilen dörän dartgynlylyklaryň arasynda, Pekin bilen gatnaşyklaryny gowulandyrmak isleýär.