Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa BMG-niň Ukraina çozmagyny ýazgarjak kararynyň öňüni baglady


Howpsuzlyk geňeşiniň hemişelik agzasy bolan Moskwanyň weto hukugy sebäpli, bu kararyň geçmejegi bellidi.  

Russiýa 25-nji fewralda BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň Moskwanyň Ukraina çozmagyny ýazgarjak kararynyň taslamasyna weto goýdy. Garaşylyşy ýaly, bu weto Howpsuzlyk geňeşiniň kabul etjek rezolýusiýasynyň taslamasyny ýatyrdy.

Ýöne bu taslamanyň biraz soň BMG-niň 193 agzaly Baş Assambleýasynda kabul edilmegine garaşylýar.

Howpsuzlyk geňeşiniň hemişelik agzasy bolan Moskwanyň weto hukugy sebäpli, bu kararyň geçmejegi bellidi.

Geňeşiň 15 agzasynyň 11-si ABŞ we Albaniýa tarapyndan bilelikde ýazylan karar taslamasyna ses berdi. Hytaý, Hindistan we Birleşen Arap Emirlikleri saklandy.

"Howpsuzlyk geňeşiniň öz goňşusyna hüjüm etmek üçin häkimiýetden hyýanatçylykly peýdalanýan, BMG-ni we halkara ulgamyny gowşatmaga synanýan oýlanyşyksyz, jogapkärçiliksiz hemişelik agzasyna garamazdan, Geňeş Ukrainanyň we onuň halkynyň arkasynda birleşdi” diýip, ABŞ-nyň ilçisi Linda Tomas-Grinfild aýtdy.

Angliýanyň BMG-däki ilçisi Barbara Wudward geňeşe ýüzlenip, Russiýanyň izolýasiýa edilendigini aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG