Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

ABŞ Putine, Lawrowa, Şoýgua we Gerasimowa garşy sanksiýa girizdi


Wladimir Putin

Günbatar ýurtlary Russiýa garşy banklaryny gara sanawa girizmek we tehnologiýa eksportyny gadagan etmek ýaly sanksiýalar toplumyny yglan etdi. Emma plar Moskwany halkara bank tölegleri üçin SWIFT ulgamyndan çykarmakdan saklandylar.

Birleşen Ştatlar prezident Putine, daşary işler ministri Sergeý Lawrowa, goranmak ministri Sergeý Şoýgua we Baş ştabyň başlygy Waleriý Gerasimowa garşy sanksiýalar toplumyny girizdi.

Ýewropa Bileleşigi we Angliýa biraz öň Putin bilen Lawrowyň öz sebitlerinde saklaýan emläklerini doňdurdylar. Kanada hem şuňa meňzeş çäreleri gördi.

Ukrainanyň prezidenti Zelenski Italiýanyň Russiýany SWIFT-den aýyrmak meýilnamasyny goldaýandygyny aýtdy.

Ol premýer-ministr Mario Dragi bilen geçirilen söhbetdeşlige salgylandy we muny Ukraina bilen Italiýanyň arasyndaky gatnaşyklarda täze sahypa diýip atlandyrdy.

Şu gün irden Ukrainanyň daşary işler ministri Kuleba Kipriň Russiýany SWIFT-den çykarmak kararyna päsgel bermejekdigini aýtdy.

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden 25-nji fewral güni giçlik ABŞ-nyň Ukrainanyň hökümetine beriljek 500 milliondan gowrak dollar möçberindäki gyssagly harby kömegiň öňüni açjak buýruga gol çekdi. Ýöne bu kömegiň näderejede çalt beriljekdigi entek belli däl.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG