Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Uruş möwjeýär, Ukrainanyň ýadro desgasyna edilen hüjümden soň hiç bir syzma tapylmady


Ýerli resmiler ýurda çozýan rus goşunlarynyň Zaporižýadaky ýadro desgasyny oka tutandygyny aýtdylar,

Ukrainanyň ýadro gullugy Ukrainanyň günorta-gündogaryndaky Zaporižýa ýadro elektrik stansiýasynda, halas edijiler ahyrynda ýangyny öçürenden soň, hiç hili syzma tapylmandygyny habar berdi.

Bu ýangyn ýurda hüjüm edýän rus güýçleri oka tutandan soň, gijäniň dowamynda gözegçilikden çykdy.

Ýerli resmiler ýurda çozýan rus goşunlarynyň Zaporižýa ýakyn gelip, bu desgany oka tutandygyny aýtdylar, sebit häkimligi bolsa ruslaryň bu desgany ele geçirendigini tassyklady.

Bu waka BMG-niň we halkara ýadro agentligi häkimiýetleriniň adatdan daşary ýagdaý çärelerini görmegine itergi berdi; Angliýanyň premýer-ministri Boris Jonsonyň edarasy bolsa, ýagdaýy ara alyp maslahatlaşmak üçin BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň gyssagly duşuşygynyň geçirilmegini sorajakdygyny aýtdy.

"Radiasiýa ýagdaýyndaky üýtgemeler hasaba alynmady" diýip, Ukrainanyň Döwlet ýadro gözegçilik gullugy (SNRIU) 4-nji mart güni irden aýtdy.

BMG-niň ýadro gullugy 4-nji martda irden özüniň hadysa we gyssagly kömek merkezini emele gelen ýagdaýa doly jogap ýagdaýyna geçirýändigini aýtdy.

Prezident Wolodymyr Zelenski wideo ýüzlenme çap edip, "rus goşunlary Ukrainadaky ýadro desgasyny ok tutýan wagtynda", ýewropalylaryň "oýanmagyny" haýyş etdi.

Zelenski Zaporižýadaky ýagdaý barada maglumat bermek üçin Jonson we ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden bilen gürleşdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG