Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus ulanyjylary programma dükanlaryndan, sosial mediadan, habar web sahypalardan kesilýär


Sankt-Peterburg. Protestçi "Roskomnadzoryň" edarasyna gyzyl lenta ýelmeýär. Arhiw suraty
Sankt-Peterburg. Protestçi "Roskomnadzoryň" edarasyna gyzyl lenta ýelmeýär. Arhiw suraty

“GlobalCheck” web gözegçilik toparynyň we beýleki görkezijileriň maglumatyna görä, Russiýada AÝ/AR-nyň, BBC-niň we “Doýçe Welläniň” wep sahypalary Facebook, Twitter, Apple we Google programma dükanlary bilen bilelikde petiklendi.

Petiklemeler 3-nji martdan 4-nji marta geçilýän gijede, Russiýanyň Ukraina garşy başlan doly möçberli urşuny bir hepde bäri beýan edýän AÝ/AR-a we beýleki habar serişdelerine abanan ýapylmak howatyrlarynyň yzysüre başlandy.

Ýöne “GlobalCheck” käbir saýt sahypalarynyň “Rostelecom” abunaçylary üçin şindi hem elýeterli bolup galandygyny aýtdy.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň prezidenti Jeými Flaý 4-nji martda "Putin ruslary elmydama Ukrainadaky urşuň gerimi we çykdajylary baradaky ýalan maglumatlar bilen doýurýar" diýdi.

Ol AÝ/AR-nyň orsýetli diňleýjiler üçin şunuň ýaly aýgytlaýjy pursatda öz materiallaryna zenzura girizmekden ýüz öwürýändigini hem sözüne goşdy.

XS
SM
MD
LG