Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kuleba uçuş gadaganlygy zonasyna basyş etjekdigini aýdýar, Blinken goranyşa 'taýynlyk' duýduryşyny berýär


Ukrainanyň daşary işler ministri Dmytro Kuleba. Arhiw suraty
Ukrainanyň daşary işler ministri Dmytro Kuleba. Arhiw suraty

Ukrainanyň daşary işler ministri Dmytro Kuleba 4-nji martda NATO agzalary bilen duşuşanda Ukrainanyň üstünden uçuş gadaganlygyny girizmek meselesini gozgajakdygyny aýtdy.

Ukraina, rus uruş uçarlarynyň ýoluny baglamak üçin, Günbatar liderlerine uçuş gadaganlygy zonasyny döretmek barada basyş edýär.

Emma Waşington we onuň NATO ýaranlary, Russiýa bilen göni gapma-garşylyga getirmeginden howatyr edip, Ukrainanyň ýokarsynda uçuş gadaganlygy zonasyny döretmek baradaky pikiri ret edip gelýärler.
Ýöne ukrain liderleri bu jogaby kabul etmeýärler.

Prezident Wolodymyr Zelenski 3-nji martda geçiren metbugat ýygnagynda bu meseläni ýene bir gezek gozgady; prezidentiň geňeşçisi Mihaýlo Podolýak bolsa twittered NATO-nyň Ukrainanyň ýokarsyndaky howa giňişligini ýapmazlygynyň bahasynyň 1 million bosgunyň ýurtdan bosmagyna, Ukrainanyň esasy şäherleriniň taryhy merkezleriniň weýran edilmegine barabar bolandygyny aýtdy.

Ukrainanyň premýer-ministri Denis Şmyhal hem 3-nji mart güni giçlik bu çagyryşa goşuldy. Ol Ukrainanyň ýadro desgalarynyň üstündäki asmanyň ýapylmalydygyny aýtdy. Şmyhal bu meselede eýýäm NATO we Halkara Atom Energiýasy Guramasyna ýüz tutandygyny hem sözüne goşdy.

Kuleba 3-nji martda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda NATO agzalary bilen duşuşygynda uçuş gadaganlygy zonasynyň esasy mesele boljakdygyny aýtdy.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Entoni Blinken NATO-nyň daşary işler ministrleriniň Brýusseldäki ýygnagynyň öňüsyrasynda bu bileleşik "hiç hili dawa-jenjel gözlemeýär”, ýöne ol Russiýanyň öz goňşusy Ukraina garşy alyp barýan urşunyň arasynda öz agzalarynyň territoriýasyny “goramaga taýyn” diýip, duýduryş berdi.

Onuň bu sözleri NATO ýaranlarynyň Russiýanyň agressiýasyna garşy birleşýändiklerini, emma bu çäräniň has kän rus güýçleri bilen ýüzbe-ýüz bolmak howpuna salgylanyp, Ukrainanyň üstünden uçuş gadaganlygy zonasyny döretmek islemeýändiklerini öňe sürýän wagtynda aýdyldy.

XS
SM
MD
LG