Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çehiýa garşysyna sanksiýa girizilen rus baýlarynyň millionlarça dollaryny doňdurdy


Petr Fiala
Petr Fiala

Premýer-ministr Petr Fialanyň milli telewideniýede aýtmagyna görä, Çehiýa garşysyna sanksiýa girizilen rus baýlaryna degişli millionlarça dollarlyk emlägi doňdurdy.

Emma ol emlägi doňdurylan şahsyýetleriň atlaryny aýtmady. Fiala hökümetiň gadaganlyk girizilen rus şahsyýetine degişli ýerli firmalarda işleýän çeh raýatlarynyň aladalaryny etmelidigini aýtdy, ýöne doňdurylan emläkleri millileşdirmek pikiriniň ýokdugyny belledi.

Çehiýa Ýewropa Bileleşiginiň Russiýa we onuň iň baý adamlaryna garşy girizen görlüp-eşidilmedik sanksiýalaryndan soň, rus baýlarynyň emlägini doňdurandygyny aýdan soňky ÝB ýurdy boldy.

Birleşen Ştatlar, ÝB, Kanada, Ýaponiýa we beýleki ýurtlar, Kreml 24-nji fewralda Ukraina goşun süreninden soň, Russiýanyň maliýe pudagyna, şol sanda onuň Merkezi Bankyna sanksiýa girizmek, Russiýanyň prezidenti Wladimir Putine ýakyn hasaplanýan adamlaryň emläklerini doňdurmak ylalaşygyna geldi.

XS
SM
MD
LG