Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Gazagystanda ‘Wowa daýyny’ ‘kömege çagyrjagyny’ aýdan žurnalistiň işi derňelýär


Almatynyň şäher polisiýa bölümi "Ýewropa Plýus Gazagystan" radiostansiýasynyň ozalky alyp baryjysy Lýubow Panowanyň aýdan sözleri bilen baglylykda deslapky derňew işiniň başlandygyny habar berdi.

Internet ulanyjylar onuň sözlerine Russiýanyň lideri Wladimir Putinden kömek soramak wadasy hökmünde seredýärler.

Radio gepleşiklerini alyp barýan Lýubow Panowa biraz öňki teswirlerinde Russiýanyň Ukraina garşy agressiýasy bilen ylalaşmaýan adamlaryň adresine gödek sözleri aýdyp, haýsydyr bir “Wowa daýydan” “kömege sorajakdygyny” ýazdy.

Internetiň gazagystanly ulanyjylarynyň käbiri muny goňşulykdaky Russiýanyň liderine ýüzlenme hasaplaýar. Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň fewralda beren buýrugy esasynda Ukraina garşy doly möçberindäki hüjüm başlandy.

Lýubow Panowanyň işleýän "Ýewropa Plýus Gazagystan" radiostansiýasy öz işgäriniň şahsy sosial media hasaplarynda görkezen pozisiýasynyň "radiostansiýanyň syýasaty bilen hiç hili baglanyşygynyň ýokdugyny" aýtdy.

Şeýle-de radiostansiýa şu gün öz Instagram sahypasynda "radiogepleşiklerini alyp baryjy bilen iş gatnaşyklaryny kesendigini" habar berdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG