Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Russiýa Kiýewiň, Çernihowyň töweregindäki harby işjeňligi 'düýpgöter azaltjagyny' aýdýar


Gepleşik wagtynda

Russiýa Ukrainanyň paýtagty Kiýewiň we demirgazykdaky Çernihowyň töweregindäki harby işjeňligini "düýpgöter azaltmak" kararyna gelendigini aýdyp, Moskwanyň Ukraina garşy başlan esassyz hüjümleriniň bir aýdan gowrak dowam etmegi bilen, atyşygyň togtadylmagy meselesinde ilerleme gazanylmagyna umyt döredýär.

Goranmak ministriniň orunbasary Aleksandr Fomin Moskwada žurnalistlere, 29-njy martda Stambulda Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda geçirilen gepleşiklerden soň, Russiýanyň operasiýalary gowşatmak baradaky beýanatyna jogap hökmünde, Moskwanyň Kiýewiň kabul etjek kararlaryna garaşýandygyny aýtdy.

"Ukrainanyň bitaraplygy we ýadro ýaragsyz durumy boýunça şertnamany taýýarlamak baradaky gepleşikleriň amaly tapgyryna girmegini we şu günki gepleşiklerde [Stambulda] ara alnyp maslahatlaşylan ýörelgeleri göz öňünde tutmak netijesinde, Goranmak ministrligi özara ynamdarlygy artdyrmak we gepleşikleriň ikinji tapgyryna girmegini we şertnama gol çekmegi utgaşdyrmaga şert döretmek maksady bilen, Kiýew we Çernihow ugrundaky harby işjeňligi düýpgöter azaltmak kararyna geldi” diýip, Fomin aýtdy.

Şeýle-de ol Stambulda geçirilen gepleşikleriň netijeleri baradaky has jikme-jik maglumatyň rus wekiliýeti Moskwa gaýdyp geleninden soň aýan ediljekdigini aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG