Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Stambul gepleşikleri tamamlandy, Zelenski Mariupol gabawy “Adamzada garşy jenaýat” diýýär


Wolodymyr Zelenski

Russiýanyň we Ukrainanyň wekiliýetleriniň Stambulda iki hepdeden gowrak wagt içinde ilkinji gezek ýüzbe-ýüz gepleşik geçirmegi bilen, prezident Wolodymyr Zelenski Russiýanyň Ukrainanyň gabawdaky port şäheri Mariupola edilen rus hüjümini "adamzada garşy jenaýat" diýip atlandyrdy.

"Rus goşunlarynyň Mariupola edýän zady adamzada garşy jenaýat bolup, bütin planetanyň gözüniň alnynda amala aşyrylýar” diýip, Zelenski 29-njy martda Daniýanyň parlamentiniň öňünde wideo arkaly eden çykyşynda aýtdy.

Uruşdan öň 400 müň ilaty bolan Mariupol bir aý gowrak mundan ozal başlanan rus hüjümleriniň dowamynda yzygiderli top okuna tutuldy.

Ukrainanyň Türkiýedäki ilçihanasy 29-njy martda Stambulda ýüzbe-ýüz geçirilen gepleşikleriň dört sagada golaý dowam edendigini aýtdy.

Edil häzir Stambuldaky gepleşikleriň ýene bir gün dowam etjekdigi ýa däldigi entek belli däl.

Zelenskiniň geňeşçisi bu duşuşygyň mundan öňki şowsuz gepleşikleriň merkezinde duran meselelere, atyşygyň togtadylmagyny we Ukrainanyň howpsuzlygynyň kepillendirilmegini üpjün etmäge gönükdirilendigini aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG