Moskwanyň Kiýew bilen gepleşiklerinde Ukrainadaky käbir harby işjeňligini meýletin azaltjakdygy baradaky habaryna Günbatar şübheli garaýar, prezident Wolodymyr Zelenskiý bolsa, ukrainleriň "sada däldigini" duýdurýar, sebäbi Mariupol we beýleki gyzgyn nokatlaryň töwereginde söweşler dowam edýär.
30-njy martda britan harby aňtaw gullugy söweş meýdanynda uly ýitgi çeken rus goşunlarynyň täzeden gurnalmak we gaýtadan herekete geçmek üçin öýlerine hem-de goňşy Belarusa gaýdyp barmaga mejbur bolandygyny aýdýar.
"Şeýle işler Russiýanyň eýýäm dartgynly maddy-tehniki üpjünçiligine has köp basyş edýär we Russiýa öz bölümlerini Ukrainanyň çägindäki sebitlerde gaýtadan guramakda kynçylyk çekýär" -diýip, Britaniýanyň Goranmak ministrligi aýtdy.
Ministrlik Moskwa bilen Kiýewiň iki hepdeden soň geçiren gepleşiklerinde belli bir öňegidişlik gazanan ýaly bolmagynyň ertesi eden beýanatynda Russiýanyň ýerüsti dolandyryş ukybynyň gowşaklygynyň öwezini dolmak üçin köpçülikleýin artilleriýa we raketa zarbalaryny dowam etdirjegini aýdýar.
Ukrainanyň we Orsýetiň wekilleri 29-njy martda Stambulda gepleşik geçirdi. Russiýa ukrain paýtagtynyň etegindäki käbir ýerleri gaýdyp almakda üstünlik gazanan ukrain güýçleriniň berk garşylygyna sezewar boldy.
Russiýanyň Goranmak ministriniň orunbasary Aleksandr Fomin birek-birege bolan ynamy artdyrmak maksady bilen Orsýetiň Kiýewiň we demirgazykdaky Çernihowyň golaýynda "harby işjeňligi düýpgöter azaltmak" kararyna gelendigini Moskwada žurnalistlere aýtdy.
Şol bir wagtyň özünde, ukrain harbylary rus wadasynyň aýry-aýry bölümleriň ýerleşýän ýerini üýtgetmek we ýalňyşdyrmak üçin edilen bolmagynyň ähtimaldygyny duýdurdylar.
Zelenskiý 31-nji martda agşam wideo arkaly Awstraliýanyň mejlisine ýüzlenmeli.