Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Sibirli kanun çykaryjy Ukrainadaky söweş baradaky ýazgylary sebäpli tussag edildi


Rus raketasynyň hüjüminden soň Nikolaýew şäheriniň sebit dolandyryş edarasynyň binasy, Ukraina. 2022-nji ýylyň 29-njy marty.

Sibiriň Omsk şäher häkimliginiň kanun çykaryjysy, Russiýanyň Ukrainada dowam etdirýän ýaragly hüjümi barada soňky döwürde çap eden onlaýn postlary we makalalary sebäpli tussag edildi.

Dmitriý Petrenkonyň egindeşleri we adam hukuklaryny goraýjylar tarapyndan 29-njy martda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna aýdylyşyna görä, şäher geňeşiniň agzasy rus ýaragly güýçleriniň ulanylyşy barada ýalan maglumatlary ýaýratmakda günäkärlenmegi mümkin.

Omsk sebitiniň Derňew komitetiniň işgärleri Azatlyk Radiosyna Petrenkonyň tussag astyndadygyny we oňa entek aýyplama bildirilmändigini aýtdy.

Şu aýyň başynda kabul edilen täze kanuna görä, şeýle aýyplama esasynda günäkärlenen adam 15 ýyla çenli azatlykdan mahrum edilip bilner.

24-nji fewralda Ukraina çozuş başlanaly bäri Orsýetde kabul edilen täze kanun, harby, diplomatik wekilhanalar we döwlet edaralary barada "ýalan maglumatlary" ýaýratmak üçin jenaýat jogapkärçiligini girizdi. Şeýle-de Kreml resmi taýdan "ýörite harby operasiýa" diýip atlandyrýan hereketlerini habar bermekde resmi habar beriş serişdelerini çäklendirdi.

Ýerli we halkara habar beriş serişdeleriniň ençemesi çäklendirmeler we mümkin jezalar sebäpli Russiýadaky işini togtatdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG