Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrainany 4 milliondan gowrak adam terk etdi. Hukuk komissary 'uruş jenaýatlaryndan' alada galýar


Ýumrulan jaýlar

Birleşen Milletler Guramasy Russiýanyň Ukraina esassyz goşun sürmegi netijesinde 4 milliondan gowrak raýatyň öz ýurduny terk edendigini aýtdy. BMG-niň adam hukuklary komissary bolsa 30-njy martda rus güýçleriniň Ukrainadaky eden-etdiliklerinden alada galýandygyny, olaryň edýän käbir hereketleriniň uruş jenaýatlary hasaplanyp biljekdigini aýtdy.

BMG-niň Bosgunlar gullugynyň maglumatyna görä, 29-njy martda öýlän Ukrainadan gaçyp çykan bosgunlaryň umumy sany 4.02 million bolup, olaryň ýarysyndan gowragy Polşa gitdi.

BMG-niň Bosgunlar boýunça ýokary komissary Filippo Grandi Twitterde Ukrainadan gelen bosgunlaryň häzirki wagtda 4 million bolandygyny aýtdy.

Ol "manysyz uruş sebäpli ejir çeken we ýaşaýan ýerinden bosan adamlara berilýän goldawy ýokarlandyrmagyň ýollaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin ýap-ýaňy Ukraina gelendigini" hem sözüne goşdy.

BMG-niň Adam hukuklary boýunça ýokary komissary bolsa özüniň Ukrainadaky hukuk ýagdaýy barada taýýarlan soňky hasabatynda bosgunlaryň sanyndan alada bildirdi.

Mişel Baçlet BMG-niň Ženewadaky adam hukuklary geňeşine Ukrainanyň Russiýa öz duldegşir goňşusyna garşy giň gerimli çozuşa başlaly bäri "hakyka garabasmany" başdan geçirýändigini aýtdy.

Ol öz edarasynyň zeper ýeten lukmançylyk edaralary bilen bagly hadysalaryň 77 sanysyny tassyklandygyny aýtdy.

Halkara ynsanperwerlik kanunlaryna laýyklykda, eden-etdilikli hüjümler gadagan we uruş jenaýatlaryna barabar hasaplanyp biler diýip, Baçlet aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG