Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Britan aňtaw gullugy: Ukraina Sloboda, Lukaşiwka obalaryny yzyna aldy


Sumy sebitindqki rus tanklary. 7-nji mart, 2022.

Britaniýanyň harby aňtaw gullugy 1-nji aprelde ukrain güýçleriniň Ukrainanyň demirgazygyndaky Çernihow şäheriniň günortasynda ýerleşýän Sloboda we Lukaşiwka obalaryny yzyna alandygyny aýdýar.

Bu obalar Çernihow şäheri bilen Kiýewiň esasy üpjünçilik ýollarynyň ugrunda ýerleşýär.

Şeýle-de, Angliýanyň Goranmak ministrliginiň maglumatyna görä, “Ukraina Kiýewiň gündogarynda we demirgazygynda üstünlikli, emma çäkli ýagdaýdaky garşylyk hüjümlerini dowam etdirdi".

Russiýanyň bu sebitlerdäki harby işjeňligini azaldýandygyny aýtmagyna garamazdan, hem Çernihow, hem Kiýew sebiti dowamly urulýan howa we raketa zarbalarynyň nyşanalary bolup galýar diýip, ministrlik sözüniň üstüni ýetirdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG