Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sebit başlygy Ukrainanyň rus şäherinde bir ýangyç ammaryna zarba urandygyny aýdýar


Sebit resmisi Ukrainanyň iki sany harby dikuçarynyň 1-nji aprelde Russiýanyň Ukraina bilen serhetden 25 km uzaklykda ýerleşýän Belgorod şäherinde bir ýangyç ammaryna zarba urandygyny aýtdy.

Eger-de bu maglumat tassyklanylsa, bu zarba Moskwanyň 24-nji fewralda öz duldegşir goňşusyna garşy başlan harby operasiýasynyň dowamynda Ukrainanyň Russiýanyň topragyndaky nyşana eden ilkinji hüjümi bolar.

Sebit häkimi Wýaçeslaw Gladkow “Telegram” habarlaşma programmasynda ukrain dikuçarlarynyň serhetden pessaýlap uçup geçendigini we gürrüňi edilýän desga zarba urandygyny aýtdy. Gladkowyň tassyklamagyna görä, edilendigi aýdylýan hüjüm netijesinde iki işçi ýaralandy.

Emma muňa garamazdan, ýangyç ammarynyň eýesi, Russiýanyň “Rosneft” nebit firmasy aýratynlykda bir beýanat çap edip, ýangynda hiç bir adamyň ýaralanmandygyny aýtdy. Şeýle-de firma bu ýangynyň sebäbi barada hiç bir maglumat bermedi.

Internetde ýerleşdirilen tassyklanmadyk wideo şekilleri pes belentlikden birnäçe raketanyň atylandygyny we şondan soň partlama meňzeş bir zadyň bolandygyny görkezýär. Ukrainanyň Goranmak ministrligi bu barada aýdylýanlara bada-bat düşündiriş bermek üçin elýeterli bolmady.

XS
SM
MD
LG