2-nji aprelde Rim papasy özüniň Ukraina syýahat etmegi göz öňünde tutýandygyny aýtdy. Malta barýan uçuşda bir žurnalist Frensisden onuň ukrain paýtagty Kiýewe sapar etmek baradaky çakylygy göz öňünde tutup-tutmaýandygyny sorady.
“Hawa, muňa seredilýär” diýip, 85 ýaşly papa jogap berdi. Ol jikme-jik maglumat bermedi.
Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiý papany uruşdan ejir çekýän ýurda sapar etmäge çagyrdy.
Rim papasy Ukrainadaky urşuň soňlanmagyna çagyrdy we gabaw astyndaky ýurtda bolup geçýän “manysyz gyrgynçylyga” hiç hili esas ýok diýdi.