Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýitirim bolan ukrain fotožurnalisti Kiýewiň golaýynda öli tapyldy


Maks Lewin

Prezidentiň kömekçisi Andriý Ýermak iki hepdä golaý wagt mundan ozal ýitirim bolan ukrain suratçysy we dokumental film öndürijisi Maks Lewiniň paýtagt Kiýewiň golaýynda öli tapylandygyny 2-nji aprelde aýtdy.

"Ol 13-nji martda Kiýew sebitindäki konflikt zonasynda ýitirim boldy. Onuň jesedi 1-nji aprelde Huta Mežyhirska obasynyň golaýynda tapyldy" -diýip, Telegram ulgamynda çap bolan maglumatda aýdylýar.

“Serhetsiz Reportýorlar” guramasy 2-nji aprelde ýazan twitinde Lewiniň ýaragsyz bolandygyny we onuň egninde "Metbugat" ýagyly keltekçesiniň bolandygyny habar berdi. Guramanyň maglumatyna görä, Lewin Russiýanyň 24-nji fewralda Ukraina garşy söweş başlaly bäri öldürilen altynjy žurnalist.

Parižde ýerleşýän metbugat gözegçisi "žurnalistleri nyşana almak uruş jenaýaty" diýýär.

Ukrainanyň Baş prokuraturasy deslapky netijelere görä, Lewiniň rus goşunynyň harby gullukçylary tarapyndan iki gezek oka tutulyp, öldürlendigini aýdýar.

Dört çaganyň atasy 40 ýaşly Lewin, “Roýter”, “BBC” we “Associated Press” ýaly köp sanly halkara we ukrain habar beriş serişdeleri bilen işleşýärdi.

"Roýter habar gullugyna uzak wagtlap goşant goşan Maksim Lewiniň Ukrainada ölendigini eşidip, gaty gynanýarys" -diýip, "Roýteriň" wizual maglumatlar boýunça dolandyryjy redaktory Jon Pullman aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG