Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Russiýanyň we Belarusyň 120 guramasyna garşy eksport sanksiýalaryny girizýär


"Zwezda" zawodynda öndürlen rus ýadro suwasty gämisi.
"Zwezda" zawodynda öndürlen rus ýadro suwasty gämisi.

ABŞ-nyň Söwda ministrligi Russiýanyň Ukraina çozmagy bilen baglanyşykly Russiýadan we Belarusdan 120 gurama eksport çäklendirmelerini girizýär. Resminama ABŞ-nyň Federal sanawynyň web sahypasynda peýda boldy. Onuň 7-nji aprelde neşir edilmegi meýilleşdirilýär.

Sanawda goranmak, howa we deňiz pudaklary bilen baglanyşykly guramalar bar.

Şolaryň arasynda: Optiki we fiziki ölçegler boýunça bütin Russiýa gözleg instituty, “Moselektroproýekt”, “Zvezda” gämi gurluşyk zawody, Žukowskiniň adyny göterýän Merkezi Aerohidrodinamik Instituty we beýlekiler.

Mundan başga-da, sanawda Belarusyň KGB-siniň "Alfa” bölümi, Gomel sebitleýin ýerine ýetiriji komitetiniň Içeri işler bölümi we Belarus Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň içerki goşunlary görkezilýär.

Resminama laýyklykda bu gurluşlar "milli howpsuzlygyň ýa-da ABŞ-nyň daşary syýasatynyň bähbitlerine ters hereket etdi".

Mundan ozal ABŞ-nyň häkimiýetleri sanksiýalar sanawyna girýän guramalaryň lisenziýa almazdan ösen amerikan tehnologiýalaryny alyp bilmejekdigini, inkär ediljekdigini habar berdiler.

XS
SM
MD
LG